GULAK GÜWWÜLDISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.56 (9 Ses)

Hormatly Oraz!

Gulakda eşidilýän  güwwuldili sesler, esasan, eşidiş turbasynyň we daşky eşidiş geçelgesiniň ýapylan ýagdaýlarynda, käbir derman serişdeleriniň (gentamisin, aspirin) täsiri netijesinde, Menýeriň keselinde (deňagramlylyk saklaýjy apparatyň zeperlenmegi), eşidiş nerwiniň zeperlenmelerinde,  kelle çanagynyň şikeslenmelerinde, gan azlylykda, galkan şekilli  mäziniň işiniň ýetmezçiliginde döräp bilýändir. Siziň ýagdaýyňyzda, suwuň düşmegi netijesinde gulak gutysynyň (sernaýa probka) çişip, eşidiş geçelgesini ýapandygy ähtimaldyr. Şol netijesinde hem gulakda ses döräp biler. Dörän ýagdaýyň sebäbini anyklamak üçin gulak-burun-bokurdak lukmanynyň maslahatyny almak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.