ŞIKESDEN SOŇKY ÝAGDAÝ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Hormatly Kakageldi!

Siziň belleýän alamatlaryňyz ýykylma netijesinde beýniň müçükmesiniň (ýenjilmesiniň) ýeňil derejesiniň döränliginden  habar berýär. Şeýle sikeslenmeden soň, 1-2 hepde düşekde ýatma düzgünini berjaý etmek, beýnide çişginlilik ýagdaýynyň döremeginiň öňüni alýan, beýniniň damarlaryndaky gan aýlanşygy kadalaşdyrýan serişdeleri ulanyp, newropatolog, göz lukmanynyň gözegçiliginde bolmak maslahat berilýär. Bejergi doly we özwagtlaýyn alynmadyk ýagdaýynda, alnan  şikeslenmäniň  ýaramaz täsiri höküminde kelle çanagynyň basyşynyň ýokarlanmagy bilen bagly alamatlar (meselem, kellagyrylar) sizi biynjalyk edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.