ÝÜREGIŇ DOGA KEMÇILIGI HOWPLUMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Alynýüregara germewiň defekty doga kemçilik bolup, ol ýüregiň dogabitdi kemçilikleriniň arasynda duş gelme ýygylygy boýunça ikinji orny eýeleýändir. Ýürek kemçiliginiň bu görnüşi sag we çep alynýüregi çäklendirýän germewde doga deşigiň barlygy bilen häsiýetlendirilýär. Deşigiň ululygy we ýerleşýän ýerine baglylykda keseliň geçiş alamatlary hem köpdürli bolup biler. Deşikli germew ganyň çepden saga gaýtadan zyňylmagyna getirýär. Ýüregiň her bir gysylmasynda ganyň bir bölegi yzyna – sag alynýürege düşüp, ýüregiň sag kamerasynyň we öýkeniň dolmagyna getirýär. Çünki olaryň üstünden öň öýkeniň üstünden bir geçen ganyň köp mukdary ýene geçirilmeli bolýar. Şol sebäpden öýken damarlarynda hem durgunlylyk emele gelip, adamynyň öýken sowuklamasyna (pnewmoniýa) köp sezewar bolmagyna getirýär. Ondan başga hem, şeýle ýürek kemçilikli dogan çagalarda deri örtükleriň solgunlylygy, demgysma, gowşaklyk, fiziki ösüşiň yza galmagy, ýürek urmalaryň ýygylygynyň üýtgemegi ýaly alamatlar ýüze çykyp biler. Ýöne germewdäki deşigiň uly bolmadyk halatlarynda adamy hiç alamat biynjalyk etmän hem, ol bu kemçilik barada köp ýyllardan soň hem bilip biler.

Biynjalyk edýän alamatlar esasan hem mekdep ýaşly çagalarda, köp halatlarda 20 ýaşdan soň hem ýüze çykýar.

Alynýüregara germewiň defekty dine hirurgiki usul bilen bejerilýär.Hirurgiki bejergi germewdäki deşigi tikmäge ýa-da oňa ýüregiň daşyny örtýän "torbadan" – perikarddan alnan bölek bilen "ýama" goýmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda hirurgiki operasiýa geçirmeden başga-da, deşigi saýawan görnüşli abzal – okklýuderm bilen ýapma usulyny hem ulanýarlar. Her usulyň ulanylmagy üçin ýörite görkezmeler bellenilendir. Hirurgiki bejergi üçin öýkende durgunlylyk alamatlarynyň güýjemegi, dowamly ýürek ýetmezçiligi, näsagyň fiziki mümkinçilikleriniň çäklenmegi esasy görkezmeler bolup durýandyr.

Siz hatyňyzda bu ýürek kemçiliginiň ilkinji gezek näçe ýaşyňyzda anyklanylandygy we biynjalyk edýän alamatlar barada maglumat bermänsiňiz. Size ýagdaýyňyza, ýaşyňyza, barlagyň netijelerine baglylykda bejergi we soňky gözegçilik tertibi barada maslahat almak üçin kardiohirurg lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.