WARIKOZ KESELINIŇ OPERATIW BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Operasiýanyň görnüşi warikoz giňelen damarlaryň ýerleşişi, zeperlenme görnüşine baglylykda saýlanyp alynýar.  Adady operatiw bejergisiniň esasyny uly deriasty wenanyň çuň ýerleşen wena birigýän ýerinden daňyp kesme, warikoz giňän wenany kesip hem-de zeperlenen baglaýjy wenalary daňma usullary düzýändir. Wena damarlaryň has uly böleginiň giňelen ýagdaýynda ony bölekleýin aýyrmak bejergisi geçirilýär.

Häzirki wagtda, zeperlenen wenany inçe zonduň kömegi bilen aýyrmak (stripping) usuly, derini deşip giňän wenany çykarma (mikroflebektomiýa) usuly ulanylýar.

Wenalara geçirilen operasiýanyň görnüşine garamazdan, ondan soňky döwür biraz wagt aýaklary gysyp durýan joraplary (compression trikotaž) geýip gezmek maslahat berilýär. Warikoz sebäpli geçirilýän operatiw usullaryň flebolog lukmanlary tarapyndan saýlanyp alnyp, maýyplyga getirmeýänligi babatda Sizi ynandyrasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.