ÝÜREK SAG TARAPDA BOLUP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüregiň sag tarapda ýerleşmegi bilen adam doglup bilýär. Ýüregiň sag tarapda ýerleşmeginiň ýygylygy 10 000 adama 1-2 ýagdaý düşýändir. Ýüregiň ýeriniň üýtgedilmegi, çaga düwünçeginiň ösüşinde kemçilikleriň döremegi netijesinde ýüze çykyp, ýüregiň depesiniň hem-de onuň köp böleginiň döş kapasasynyň sag tarapynda ýerleşmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýüregiň ýerleşişiniň üýtgemegi başga agzalaryň ýeriniň üýtgemegi bilen (bagyr-çep tarapda, dalak-sagda) hem utgaşyp bilýändir. Bu ýagdaýyň adamyň kemala gelşine hem-de saglygyna hiç hili ýaramaz täsir etmeýänligi sebäpli, bejergi çärelerini geçirilmegini talap edýän däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.