MENIŇ AGAM NÄME ÜÇIN SEMRÄNOK?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň agaňyz kesellemezden öň artykmaç agramlymydy? Ol başky agramynyň näçe kilogramyny ýitirdi? Elbetde, iýmitde uglewodyň hem-de belogyň mukdaryny köpeldip beden agramyny  artdyryp bolar. Ýöne iki gezek ýüregiň infarktyny geçiren adama semremek, ýürege düşýän agramy köpeldip, gan ýetmezçiligiňe getirip biler. Lukmanlar infarkt geçiren näsaglara agramyny kadaly ýagdaýda, semremän saklamagy maslahat berýärler. Eger Siziň agaňyzyň agramy boýuna görä kybapdaş bolsa (boýuň görkezijisi – 100, meselem, boýy 170sm – 100=70kg agramy), semreme ugrunda çäreleri alyp barma saglyk üçin (ylaýtada ýürek-damar ulgamy üçin) zyýanly bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.