ÝÜREGIM AGYRÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

Hormatly Mahym!

Çep garynjygyň gipertrofiýa (myşsalaryň aşa galňaşmagy) alamaty ýüregiň dogabitdi näsazlyklarynda, gan basyşyň ýokarlanma keselinde, ateroskleroz keselinde, böwrek kesellerinde, ýürek ýetmezçiligi bilen geçýän kesellerde ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý sport türgenlerinde, agyr fiziki zähmet bilen meşgullanýan adamlarda hem duş gelip bilýändir. Bu alamatyň ýüze çykmagy, ýüregiň özüni kislorod bilen üpjün etmegi üçin uly agram salmalar bilen işleýändiginden habar berip, bu ýagdaýa getirýän sebäbi aradan aýyrma möhüm bolup durýandyr.

Bu ýagdaý gan basyşynyň üýtgemeginiň, kelle agyrylaryň, kadasyz ýürek urgularyň ýüze çykmagynyň, ukynyň bozulmagynyň, döşde döreýän agyrylaryň sebäbi bolup, ol ýüregiň infarkt keseliniň ýüze çykmagynyň hem töwekgelçiligini ýokarlandyrýandyr. Bu alamatyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklap, doly bejergi çärelerini geçirmek üçin kardiolog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.