DEM ALYŞ ULGAMY
Hormatly okyjy!
Gakylyk gopardyjy serişdeler – gakylygy ýumşadýan we dem alyş ýollaryndan (bronhlar) çalt çykarmaga kömek edýän derman toparydyr. Täsir ediş häsiýetine baglylykda, bu derman serişdeleri iki topara bölünýär: reflektor täsirli we gönümel täsir edýän gakylyk gopduryjy serişdeler.
Reflektor täsir edýän derman serişdelerine derman otlardan we olaryň ekstraktyndan taýynlanan serişdeler degişlidir. Bu dermanlar kabul edilende, aşgazanyň nemli bardasynyň gyjyndyrylmagy, bronhlarda nemiň reflektor çalt we köp bölünip çykmagyna, onuň has suwamagyna getirýär. Bu topara degişli serişdelerden termopsis otuny, buýan köküni, çebres otuny, alteýanyň köküni bellemek bolar.
Gönüden-göni täsir edýän gakylyk gopduryjy serişdeleri bolsa bronhlara täsir edip, gakylygy üýtgedip öz täsirliligini ýüze çykarýarlar.
Bu derman serişdelerine ýoduň duzlary, efir ýaglary, iýmit sodasy, ASS, ambroksol, bromgeksin ýaly dermanlar degişlidir.
Gakylyk gopduryjy serişdeler ýiti we dowamly bronhlaryň, traheýanyň, öýken sowuklamalarynda, demgysmada, bronhoektaz keselinde, mukowissedoz keselinde gaýnatma, ekstrakt, gerdejik, buglary bilen dem alma görnüşde ulanylýandyr.
Islendik derman serişdelerine degişli bolşy ýaly, bu toparyň serişdeleri hem näsagyň ýagdaýyna, üsgülewügiň we çykýan gakylygyň häsiýetine, anyklanan kesel kesgidine baglylykda lukman tarapyndan bellenmelidir.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 5406 gezek okalan