ÇAGANYŇ GAÝTARMAGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Hormatly Ejebaý!

Çaga emenden soň biraz mukdarda süýdüň yzyna gaýtmagy adaty ýagdaý höküminde syn edilip, onuň üçin emen çagany biraz wagt dikligine saklap, aşgazandaky howany çykartma ýeterlikdir. Onuň gägirmegi netijesinde hem, emenden soň az mukdardaky süýt yzyna gelip biler. Çagada ýüze çykýan gaýtarma ýagdaýlary iýmit siňdiriş ýollary zeperlendirýän ýokançlyklar, iýmit siňdiriş agzalaryň doga kemçilikleri, dogrumda bolan şikeslenmeler netijesinde beýniniň zeperlenmegi, beden gyzgynynyň galmagy, ýiti wirusly ýokançlyklaryň täsir etmegi sebäpli döräp biler. Eger çagany gaýtalanýan gaýtarma biynjalyk edýän bolsa, sebäbini  anyklamak üçin çaga lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.