SÜÝJI KESELI WE ÇILIMKEŞLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Elbetde, size gözegçilik edýän endokrinolog lukmanynyň gözegçiligi astynda, bellenen tertipde, kadaly ganyň glýukoza barlagyny, peşewiň glýukoza barlagyny geçirip durmak zerurdyr. Çilimi taşlama islegiňizi bolsa men iki elläp goldaýaryn.

Nähili mukdarda çekýäniňize garamazdan, çilimkeşlik süýji keselli näsaglar üçin has hem zyýanly endik bolup durýandyr.

Glýukozanyň kadasyz özleşmegi bilen häsiýetlenýän süýji keselinde bedeniň hemme gan damarlarynyň şikeslenmegi syn edilip, ol şikeslenme häsiýeti gözüň, ýüregiň, böwrekleriň, aýaklaryň, jyns agzalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine getirýär. Netijede, beýnä gan inme, ýüregiň infarkty, gözüň görşüniň peselmegi, böwrek ýetmezçiligi, jynsy gowşaklyk ýaly howply we bejerilmesi kyn bolan keselleriň ýüze çykma ýygylygy köpelýär.

Çilim bolsa, has hem onuň düzüminde saklanýan nikotin we kömürturşy gazy öz gezeginde damarlaryň ýygrylmagyna we dokumalarda kislorodyň üpjünçiliginiň peselmegine getirip, süýji keseliniň täsiri bilen bar bolan bozulmalary has hem beterleşdirýändir. Çilimiň täsiri bilen süýji keselinde döräp biljek gaýraüzülmeleriň ýüze çykma ähtimallygy birnäçe esse ýokarlanýar.

Çilimi taşlamagyň usullary barada has giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Nikotin "tussaglygyndan" azat boluň!" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.