DÝUFALAGY NÄHILI KABUL ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Dýufalak işegede suwuň saklanmagyny we täretiň ýumşamagyny, işegäniň içinde osmiki basyşyň ýokarlanmagyny we işegeleriň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek netijesinde içiň gatamagyny bejerýän serişdedir. 6 ýaşdan uly çagalara bejerginiň birinji günlerinde dýufalagyň 20-30 ml. mukdaryny berýärler, soňundan günde bir gezek nahar wagty 10-15 ml. berilýär. Dýufalak öwrenişmä getirmeýär, içiň gatamagynyň sebäbine baglylykda bejerginiň dowamlylygy bir aýa çenli dowam edip bilýändir. Bu serişde içegäniň mikroflorasyny kadalaşdyrmaga kömek edýän serişde höküminde hem dowamly ulanylýar.

Içiň gatamagyna garşy peýdaly serişdeler höküminde Guttalaks serişdesini hem belläp geçip bolar. Bu serişde hem öwrenişmä getirmeýär, şomuň üçin hem dowamly ulanmak üçin maslahat berlip biler. Köplenç bu serişdäniň irden 10 damja mukdarda ulanylmagy hem peýdaly netijeleri berip biler. Derman miwe şiresiniň ýa-da gaýnan suwuň köp bolmadyk mukdarynda eredilip kabul edilýär.

Içiň gatamagynyň öňüni alamakda iýmitiň görnüşleriniň köpdürli bolmagyna üns berip, iýmitde iri süýümli önümleriň (kelem, süle we greçka şülesi, guradylan garaly, noýba) agdyklyk etmegine üns bermelidir. Şonuň ýaly hem, täret bölekleriniň gatamazlygy üçin çaga günde 1-1,5 l. çenli suw içmek maslahat berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.