BAGRYŇ SIRROZY BILEN NÄHILI ÝAŞAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Bagryň sirrozy bagryň öýjükleriniň zeperlenmegi netijesinde bagryň işiiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän kesel bolup, ol dowamly keseldir. Sirroza getiren sebäbe we zeperleniş derejesine baglylykda, ol sebäpleri aradan aýryp, öz gündelik ýaşaýyş we iýmit düzgüniňi dogry alyp barmak, bagryň galan sag öýjükleriniň işjeňligini saklaýan derman serişdeleri ulanmak bagryň işjeňligini saklamaga kömek etjek çärelerdir. Sirroz netijesinde zeperlenen bagryň öýjükleriniň işini galan sag öýjükler ýerine ýetirmäge, şeýle-de bagyr dokumasy özbaşdak dilekdilmä ukyply bolsa hem, belli bir wajyp düzgünler bagryň galan sag bölegini aýawly saklamaga ýardam berip biler:

► Sirrozly näsaglar aşa köp fiziki işjeňlikden, ýadawlykdan gaça durmalydyr. Şeýle hem olar agyr ýükleri götermekden gaça durmalydyr, çünki agram salmalar aşgazan-içege ulgamyndan gan gelmelere sezewar edip biler.

► Içiňiziň gatamagyna ýa-da tersine, içiň geçmegine ýol bermäň. Kadada bir gije-gündizde bir gezek täret edilmelidir we täret etme iki gezekden ýygy bolmaly däldir.

► Bedeniňizde çişginliligiň döremezligi üçin duzy we suwuklygy kadadan artyk kabul etmäň. Oňa gözegçilik etmek üçin her gün biliňizi ölçäň. Eger biliň ölçegi öňküden köpelen bolsa, onda ol bedende çişginliligiň dörändiginden habar berýär. Şeýle hem, bedenden köp suwuklygyň ýitirilmegine hem ýol berilmeli däldir. Siz günde iýmitden, içgilerden alýan suwuňyzdan 200 ml. artyk suwuklygy peşew bilen bölüp çykarmalysyňyz.

► Siz berhiz tutýandygyňyzy ýazýarsyňyz. Iýmitiňizde bir gije-gündizde belogyň mukdary 100 gr. köp bolmaly däldir we iýmitiň kuwwatlylyk derejesi 2 müň kkal. ýokary bolmaly däldir. Elbetde, size lukmanyňyz duzly önümleri, tüssede taýýarlanan et we balyk önümlerini, peýniri, buzgaýmagy, deňiz önümlerini kabul etmekden saklanmalydygyny ýatladandyr. Siz özüňize zyýan bermezden bir günde ýagly bolmadyk sygyr etiniň ýa-da towugyň 100 gr. mukdaryny, bir ýumurtgany, ýagsyz gaýmagy, ir-iýmişleriň we gök önümleriň hemme görnüşini kabul edip bilersiňiz.

► Alkogol içgileri kabul etmekden gaça duruň! Lukmanyň rugsady bolmazdan, derman serişdeleri kabul etmekden saklanyň. Köp derman serişdeleriň gözegçiliksiz, dowamly we köp mukdarda ulanylmagy bagra zyýan ýetirip biler.

► Öz lukmanyňyzyň kadaly gözegçiliginde bolup, belli wagtdan barlagdan geçmegi unutmaly däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.