KLIZMA NÄHILI ÝAGDAÝLARDA ULANYLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Içegeleri ýuwmak – klizma etmek esasan, içiň gatanda, käbir lukmançylyk barlaglara, meselem rentgen barlagyna taýynlamak üçin ulanylýar. Klizma etmek üçin ulanylýan suwuň taýynlanşyna üns berilmelidir. Onuň üçin 1-2 litr suw alyp ony gaýnatmalydyr we 36-370C çenli sowatmalydyr. Aşa ýyly ýa-da sowuk suw içegeleriň ýygrylmagyna we agyrylaryň döremegine getirip biler. Eger içiň gatamagy biynjalyk edýän bolsa suwa 200-300 ml zeýtun ýagyny goşmak bolýandyr.

Klizma etmek hemme ýagdaýlarda peýdaly däldir. Käbir gelin-gyzlar ony horlanmak maksady bilen hem ýygy etmäge ymtylýarlar. Içegeleriň ýygy ýuwulmagy onuň mikroflorasynyň (nemli gatlagynda ýaşaýan peýdaly bakteriýalar toplumy) üýtgemegine we içiň geçmegine, ýellenmegine getirip biler. Şeýle-de, içegeleri babasyl keselinde, artbujagyň jaýryklary dörände, gan akma howply ýagdaýlarda ýuwmak rugsat edilmeýär. Klizma edilmezden öň geçirmek üçin görkezmeler lukman tarapyndan bellenilse dogry bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.