BAGYR SERROZYNDAN DOLY GUTULYP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Bagryň serrozynyň başlangyç döwründe (A klass) ýaşaýyş we iýmitleniş tertibini düzgüne görä üýtgedip we degişli bejergi çärelerini geçirip, bagyr öýjükleriniň üýtgemeginiň we gaýraüzülmeleriniň öňüni alyp bolar. Hemme bejergi çäreleri gepatolog lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir.

Bagryň sirroz keselinde bejergi çäreleri ýüze çykan alamatlary aradan aýyrmaga gönükdirilen bolup, bagryň öýjükleriniň ýaramaz faktorlara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýan gepatoprotektor (silimarin, liw-52, essensiale) serişdeleri, witaminleri (esasan hem "B" topary), soňky tapgyrlarynda B-adrenoreseptorlary togtadyjy  serişdeleri, "K" witaminiň toparyny, diuretikler (buşukdyryjy) serişdeleri, görkezme boýunça antibiotikleri ulanmak ýaly çäreleri öz içine alýandyr.

Näsaglar iýmitlenmede berhiz öwreniji Mihail Pewzneriň işläp düzen №5 berhiz stoluna degişli önümleri kabul etmelidir. Günde 5 gezek naharlanyp, önümleri ownatmak maslahat berilýär.

Bu berhiz boýunça rugsat edilýän önümler:

► çorbalar-gök önümli we dürli däneli önümler goşulan, süýtli, ir-iýmişli;

► ýagly bolmadyk et (sygyr eti), guş eti ( towuk) hem-de balyk (sudak, hek, treska)-gaýnadylan ýa-da buga taýynlanan;

► süýt, gatyk, dorog (günde 200 gramdan köp däl);

► şüleler-suwda ýa-da suwa süýdüň goşulmagy bilen taýynlanan;

► gaýnadylan ýumurtga- günde 1-den köp däl;

► çörek – gatyrak (düýnki) ak ýa-da gara, guradylan çörek (suhari), gury köke, gury biskwit;

► gök önümler we gök otlar-ter hem-de gaýnadylan görnüşde, garnirleriň düzüminde (esasan hem käşir we şugundyr) peýdalydyr;

► ir-iýmişler (turşy däl sortlary) ter ýa-da buglanan görnüşde;

► mürepbeler, bal, marmelad, zefir (günde 70 gramdan köp däl);

► ir-iýmiş şireleri, ýuwan çaý, süýtli kofe, şipownik gaýnatmasy.

Şular gadagan edilýär:

Alkogol içgileri, gowrulan, ajy naharlar, etiň, balygyň ýagly görnüşleri, bagyr, kömelek, ysmanak, sogan, sarymsak, turp, şawel oty, buzgaýmak, şokolad, gazlandyrylan içgiler. Bu berhiz boýunça nahar duzuny günde 10 gramdan artyk kabul etmek maslahat berilmeýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.