KÖRIÇEGE WE ONDAN SOŇKY ÝAGDAÝLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň işdäňiziň açylmagynyň geçiren operasiýaňyz bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Işdäňiziň açylmagy dürli sebäplere görä bolup biler: gormonal üýtgemeler (galkan şekilli mäziniň işiniň ýokarlanmagy, süýji keseli), uzaga çekýän stress ýagdaýlary ýa-da tersine, kähalatlarda nerw ulgamyň dartgynlylygynyň peselmegi, käbir derman serişdeleriň (gormonlar, witaminler) ulanylmagy. Käwagtlar adamyň iýmitleniş tertibiniň üýtgemegi (gök önümleri, işdäaçarlary köp iýme) hem işdäniň ýokarlanmagynyň sebäbi bolup biler. Iýmitiňize üns berip, semizlikden gaça durma Siziň öz eliňizdäki zatdyr. Wagtly-wagtynda naharlanma, uglewodlary kadaly kabul etme, ýeterlik fiziki hereketjeňlik ýaly ýönekeý düzgünler  Sizi semizlikden gorap biler. Bu ýerde Siz üçin kynçylyk bolup biljek ahwalat ýokmuka diýip pikir edýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.