GÖZÜM...

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Gözüňize  ýelim daman halatynda gözleri haýal etmän ýuwmaklyk ilkinji geçirilmeli çärelere degişlidir. Kirpikleriňiziň ýelmeşmegine ýol bermäň. Gözüňizi ellemekden, owkalamakdan, basmakdan gaça duruň. Gözüň buýnuz gatlagynyň ýanykly zeperlenmesiniň öňüni almak üçin, haýal etmän göz lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar. Lukman jübtek bilen gözden ýelim bölejiklerini aýryp, gözleri ýokançlyklardan goramak (meselem, göz damjalary we melhem görnüşde floksal serişdesi) hem-de sikeslenmeden soň gözüň  ýara ýeriniň bitmegi üçin (meselem, korneregel) serişdeleri maslahat berip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.