GÖZÜŇ GYZARMAGY HEM-DE ÝAŞARMAGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Gözüň gyzarmagy hem-de ýaşarmagy ýaly alamatlar gözüň nemli örtüginiň (konýuktiwit)  ýa-da gabaklaryň (blefarit) gyrasynyň alawlama ýagdaýlarynda, gözüň allergiki  zeperlenmeleri netijesinde ýüze çykyp biler. Göz düýbüniň ýagdaýyny anyklamak,  bu ýagdaýa getirip biljek ýokançlyklary we allergiki faktorlary kesgitlemek üçin oftalmolog lukmanyna ýüz tutmak zerurdyr. Degişli bejergi serişdeleri doly barlagdan soň berilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

<<<>>>