MOBIL TELEFONYÑ GÖZE ZYÝANY NÄHILIKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Mobil telefonlardan çykýan elektromagnit şöhlelenmeleriň uzak täsiriniň diňe gözlere däl-de, bütin bedene zyýany bardyr.  Alymlar şeýle şöhleleriň beýniniň, tüýkülik mäzleriniň täze döremeleriniň, duýdansyz uzaga çekýän kelle agyrylaryň  döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Şol sebäpden bu telefonlaryň pes kuwwatlylyk düzgüninde ulanylmagyny, olar arkaly gepleşikleriň dowamlylygynyň 2 minutdan köp  bolmazlygyny, gepleşikleriň arasynyň 15 minutdan az bolmazlyk düzgüniniň berjaý edilmegini maslahat berýärler. Olardan wideoserişde höküminde köp peýdalanylmagynyň gözleriň, ylaýta-da göz merjenjiginiň gan aýlanyşygynyň we ondaky alyş-çalyş ýagdaýlarynyň  bozulmalaryna getirip biljekdigini aýratyn bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.