GLAUKOMANY NÄDIP BEJERMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Gözüň içiniň basyşyny kadalaşdyrmak üçin ulanylýan derman serişdeleri gözdäki suwuklygyň mukdarynyň deňagramlylygyny gazanman, ony emeli saklamaga ýardam berýärler. Bu serişdeler ýagdaýa görä, çalşylmagy ýa-da mukdarynyň üýtgedilmegini hem talap edýändir.

Derman serişdeleriniň netijesiz bolan ýagdaýlarynda, görkezmelere görä hirurgiki bejerginiň görnüşleri ulanylýar. Açyk görnüşli glaukomada skleroektomiýa operasiýasy ulanylyp, hereket edýän suwuklygyň kadaly mukdarynyň hereketi gazanylsa, ýapyk görnüşli glaukomada aýrylan merjenjigiň ýerine emeli linzalary goýma usullary giňden ulanylýandyr.

Derman bejergisiniň uýtgedilmeginiň ýerlikliligi ýa-da hirurgiki bejergisine degişli görkezmeleri anyklamak üçin, Size gözegçilik edýän lukmanyň maslahatyny almak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.