BURUNDA BOLÝAN YSLARYŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Burundan ysyň gelmeleri dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler: burnuň nemli gatlagynyň sowuklamagy (rinit), ýüzde ýerleşýän sunk boşluklarynyň sowuklamagy (gaýmorit), dowamly allegiki täsirlilik, dowamly geçen dümew. Ondan başga-da, burundan gelýän ýaramaz yslar ozena keselinde ýüze çykyp, onuň sebäpleri doly anyklanan däldir. Ol burnuň nemli örtüginiň we süňkleriniň alawlama hadysasy we onuň netijesinde atrofiýanyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Burunda yslar parosmiýa keselinde hem döräp biler. Has takygy, adamynyň ys alyjylyk ukybynyň ýitirlendigi sebäpli, adama ýok bolan yslaryň hem "alynýan ýaly" bolmagy mümkindir.

Sebäpleriň köpdürliligini göz öňüne tutup, doly barlagdan geçmek we anyklamak üçin gulak-bokurdak-burun lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.