BURNUŇ GANAMAGYNYŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Burnuňyzdan gan gelmeler gan basyşyňyzyň ýokarlanmagy netijesinde döräp biler. Ýokary gan basyşynyň zarbasyna döz gelip bilmedik burnuň gan damarjyklary ýarylyp, gan akma ýüze çykyp bilýändir. Ondan başga-da, burnuň gan damarlarynyň diwarlarynyň gowşak bolmagy, C we K witaminiň ýetmezçiligi, burnuň nemli gatlagynda polipleriň bolmagy, dümew we burnuň nemli gatlagynyň alawlama ýagdaýy netijesinde nemli gatlagynyň üýtgemegi, gan damarlarynyň kadasyz ýygrylyp giňemegi (neýro-sirkulýator distoniýa), ganyň lagtalanşyny peseldýän keseller burundan ýygy-ýygydan ganyň akmagynyň sebäpleri bolup bilerler.

Burundan gan gelmeleriň anyk sebäbini (ýa-da sebäplerini) bilmek üçin size gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.