BURUN GANAMASYNYŇ SEBÄBI NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda lukmanyň takyk goýan kesel kesgidini we bejergisini aýtmaýarsyňyz. Burnuň öz-özünden ganamagy bagryň  näsazlyklarynda, gan ulgamynyň kesellerinde, burnuň sowuklama kesellerinde, burnuň täze döremelerinde, gan basyşynyň ýokarlanmagynda, käbir germanlaryň uzak kabul edilmegi (aspirin, warfirin, geparin) netijesinde ýüze çykyp biler.

Burnuň ganamagy K we C witamininiň ýetmezçiligi netijesinde hem döräp biler. Şeýle-de ýetginjeklik döwründe endokrin ulgamynyň üýtgemeleri hem bu ýagdaýa getirip bilýändir.

Doly barlagdan geçip, takyk sebäbi kesgitlemek üçin Size gaýtadan otorinolaringolog we maşgala lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.