ANGINADAN EJIR ÇEKÝÄRIN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Angina-badam şekilli mäziň ýiti sowuklama ýagdaýy bolup, ondan soňky galýan  mäzdäki ýerli üýtgemeler dowamly tonzillit hadysasyndan habar berýändir. Dowamly tonzillit ýokançlyklaryň çeşmesi bolup, ylaýta-da ýygy beterleşýän  halatlarynda ol guragyry (rewmatizm) keseliniň, ýürek zeperlenmeleriniň(endokardit, miokardit, ýürek gabsalarynyň zeperlenmeleri) döremeginiň sebäpleri bolup bilerler. Eger Sizde mäziň sowuklama hadysalary ýygy-ýygy ýüze çykyp, ol ýerli üýtgemeler (mäziň iriňlemesi, kiçelmegi, sepleşmeleriň döremegi)  hem-de rewmosynaglaryň üýtgemegi bilen utgaşan ýagdaýlarynda mäzi aýyrma (tonzilektomiýa)  çäresini geçirme soragyna seretme dogry bolar.Hirurgiki bejergi üçin  görkezmeleri otolaringolog lukmany kesgitleýär. Dowamly tonzillit, onuň gaýraüzülmeleri, bejergisi, hirurgiki bejergi üçin görkezmeleri barada doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen  "Dowamly tonzillit: alamatlary, gaýraüzülmeleri we bejergi çäreleri" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.