ANGINA ÝYGY ÝÜREK URMALARYŇ SEBÄBIMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Uzak dowam eden dowamly tonzillit (badam şekilli mäziň sowuklamagy) we onuň ýiti sowuklamasy bolan angina ýürek myşsasynyň zeperlenmegine (miokardyň distrofiýasy) we miokardit (ýürek myşsasynyň sowuklama ýagdaýy) keseliniň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Ýürek myşsasynyň üýtgemegi (distrofiýa) ýürek agyrylar, ýygy ýürek urmalar, kähalatlarda bogunlarda döreýän agyrylar ýaly alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Miokardit üçin bolsa ýürek-damar ulgamynyň bozulma alamatlarynyň has ýaýbaňlanmagy häsiýetlidir. Eger anginadan soň hem ýürek urma sizi biynjalyk edýän bolsa, kardiolog lukmanyň maslahatyny alyp, ýörite barlaglardan (EKG, EHOKG, ganyň umumy barlagy, rewmosynaga barlagy) geçmek we bellenen bejergini almak netijeli bolardy. Korwalol dermany size ýürek urma alamatyny diňe wagtlaýyn aradan aýyrmaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.