KERAMIKA DIŞLERI BERKMIKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizi gyzyklandyrýan keramiki dişler, has takygy metallokeramika dişler diýip atlandyrylýar. Sebäbi dişiň ýüzüni ýapýan keramika örtügi, metallaryň garyndysy bolan hrom bilen kobaltdan taýýarlanýandyr.

Siz 3 dişiňiziň çüýrän ýerleri bar diýipsiňiz. Dişler bejerilip, dişiň zaýa ýerine petik (plomba) goýlandan soň keramika dişler taýýarlanýar. Eger dişler keramika üçin ýaramly bolmasa (ony lukman anyklaýar), onda olary sogurmaly ýa-da diş salma usullarynyň başga görnüşlerini saýlamaly bolýar. Keramika dişleriň diwarlaryny galyň we bek ýasamak üçin, dişleriň daşyny (emal) köp gyryp aýyrmak zerurlygy ýüze çykýandyr.

Keramiki dişler owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne, her näme-de bolsa, ol dişleri aýamak maslahat berilýär. Siziň belleýşiňiz ýaly, gaty iýmit önümleri bolan käşiri, almany, maňyzlary iýeniňizde seresap bolup, emeli dişleri aýawly saklamak zerurdyr.

Ýöne beýle diýmek bilen biz sizi ünjä hem goýasymyz gelenok. Metallokeramika dişler berkligi bilen tapawutlanyp, belli bir agramlylygy saklamaga ukyplydyr. Ol dişlerden peýdalanmagyň we idetmek düzgünleriniň aýratynlyklary babatda sizi lukman hem habarly edip, peýdaly maslahatlary berer.

Tehniki düzgünleri doly üpjün edilip taýýarlanan dişler uzak wagt hyzmat etmäge ukyplydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.