JYNSY GATNAŞYKLAR ZENAN SAGLYGY ÜÇIN PEÝDALYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.09 (65 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkek adama peýdaly bolşy ýaly, aýal maşgala üçin hem jynsy gatnaşyklaryň ençeme peýdaly taraplary bardyr.

► Jynsy gatnaşyklar bölünip çykýan oksitosin gormonynyň we endorfinleriň täsiri netijesinde keýpiň ýokarlanmagyna, şatlyk duýgusynyň güýjemegine getirýär. Şonuň bilen birlikde emele gelýän serotonin gormony rahatlandyryjy, stresse durnuklylyk ýagdaýyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem, maşgalada öz ýary bilen agzybirlikde ýaşaýan (we jynsy gatnaşyklary kadaly alyp barýan) aýallaryň hemişe mylaýym gylyk-häsiýetli bolup, özüni islendik ýagdaýlarda rahat alyp barýandyklary barada düşünje hem bar.

► Erkeklik dölünden alynýan prostoglandinler aýal gormonlarynyň kadaly işläp çykmagyna itergi berýärler. Bu gormonlaryň bolsa ýürek-damar ulgamynyň, deriniň, dyrnaklaryň, saçlaryň ýagdaýyny gowlandyrmakda orny örän uludyr.

► Jynsy gatnaşyk aýallarda testosteron gormonynyň peselmegine ýardam berip, ony ýaşardýar, gözelleşdirýär.

► Jynsy gatnaşyklar çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygyny gowulandyryp, ginekologiki keselleriň döreme töwekgelçiligini peseldýär.

Galyberse-de, jynsy gatnaşyklar aýala özüni ynamly, arkaýyn, söýülýän duýmaga kömek berýär. Aýalyň owadanlygy, näzeninligi, gerekligi barada söýgüden doly sözleri oňa onuň ýaryndan başga kim aýdyp bilerkä?

Hormat bilen, saýtyň lukmany.