GÖWÜSLERDÄKI ÇIŞLER NÄMÄNIŇ ALAMATY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň joraňyzyň haýal etmän mammolog lukmanyna ýüzlenmegi zerurdyr. Göwüslerde bar bolan düwünler düwünli mastopatiýanyň alamaty bolup biler. Göwüsleriň USB-gy, zerur ýagdaýlarda mammografiýa barlagy, düwünleri deşip, sitologiki barlagy geçirme esasy anyklaýjy çäreler bolup, olardan soň mammolog lukmany size bejergini belläp biler. Düwünli mastopatiýada bejergi hirurgiki usul bilen geçirilýär.

Ondan başga-da, jyns agzalarynyň ýagdaýyny anyklamak (gyzlarda USB-yň kömegi bilen) jyns gormonlaryny barlamak, endokrinolog lukmanynyň maslahaty wajyp çärelerdir. Mastopatiýa bedende dörän gormonal näsazlyklardan habar berip, mammologyň, ginekologyň kadaly gözegçiligini talap edýändir.

Joraňyza çekinmän we wagt ýitirmän mammolog lukmanyna ýüz tutmaklygyň zerurlygyny ýene bir gezek ündäsim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.