NÄME ÜÇIN GÖWRELILIKDE GÖWÜSLER GATAÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwüsleriň ulalyp, gatamagy, olaryň duýgur bolup agyrmagy göwrelilik bilen bagly alamatlardyr. Göwreliligiň emele gelmegi bilen, böwreküsti mäziň we estrogen, progesteron gormonlarynyň täsiri bilen göwüslerde ýagyň ýygnanmalary, süýt ýodajyklarynyň giňelmegi, gan aýlanşygynyň ýokarlanmagy bolup geçýär. Bu alamatlar esasan göwreliligiň 11-12 hepdesine çenli aýdyň bildirip, soň aýrylyp gidýändirler. Göwüslere süýdüň inmegi üçin jogapkär gormon prolaktin bolsa, onuň mukdaryny progesteron kadalaşdyrýandyr. Göwreliligiň 5-6 aýlarynda göwüslerden birinji, oguz süýdüne meňzeş ak suwuklyk bölünip çykýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.