GÖWRELILIK GALYP BILERMIKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (15 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýumurtgalyklarda kistanyň döremegi olaryň gormon bölüp çykarma işiniň bozulandygyndan habar berýär. Şonuň üçin hem ginekolog lukmany bilen bilelikde endokrinolog lukmanynyň hem maslahaty, gerek bolsa bejergisi wajypdyr. Ultrases barlagynda kistanyň görnüşini, ösüş aýratynlyklaryny, jyns gormonlarynyň derejesini anyklap, ýagdaýa dogry baha berip bolar. Kistalaryň käbiri derman bilen bejergiden soň aýrylyp gidýän bolsa, käbiri hirurgiki bejergini talap edýändir. Beýleki tarapdan, kista bolanda hem, aýallyk öýjükleri wagtynda emele gelýän halatynda göwrelilik galyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.