AÝBAŞYM GIJÄ GALDY, ÇAGA GALANYNY NÄDIP BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

aybasym gija galdyHormatly okyjy,

Aýbaşyňyz wagtynda gelmedik bolsa, göwreliligi anyklaýan ýörite test bölejiklerini ulanyp, ultrases barlagyndan geçip ýa-da ganda göwrelilik wagty ýokarlanýan horion gonadotropinini (rus. – хорионический гонадотропин человека – НГЧ) anyklap göwrelilik ýagdaýyny kesgitläp bilersiňiz. Bu gormonyň derejesi göwrelilik wagty her 72 sagatdan iki esse ýokarlanýandyr we göwreliligiň 8-9 hepdesinde iň ýokary derejesine ýetýändir.

Göwrelilik ýagdaýyny anyklanyňyzdan soň degişli maslahatlary almak üçin akuşer-ginekolog lukmanyna ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.