AÝALLARDA ÝUMURTGALYGYŇ KISTASYNYŇ DÖREME SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

sorag jogap 300x225 "30-35 ýaşly ýaş gelinlerde näme sebäpden ýumurtgalygyň kistasy döreýär?"

Saýtyň okyjysy

Hormatly okyjy,

Ýumurtgalygyň kistalary esasan çaga dogmaga ukyply ýaşdaky aýallarda has ýygy duş gelip, bu san 30-50% barabardyr. Bu ýaşda aýalyň endokrin ulgamy, şol sanda ýumurtgalyklar hem has işjeň ýagdaýda bolup, bozulmalar hem has ýygy duş gelýär.

Kistalaryň emele gelmeginiň esasynda gormonal durkuň bozulmagy, ýumurtgalygyň öýjüklerinde alyş-çalyş hadysalaryň üýtgemegi, gan aýlanyşygyň ýokarlanmagy, nemiň we ganyň toplanmagy netijesinde follikulyň ulalmagy we kistoz boşlugyň emele gelmegi ýaly hadysalar ýatýarlar.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, ýumurtgalyklarda kistalaryň döremeginiň birnäçe sebäpleri bellenýär:

↪ Bedende gormonal bozulmalar;

↪ Ýatgynyň, ýumurtgalyklaryň, ýatgy turbalaryň dowamly sowuklama keselleri;

↪ Abortlaryň ýygy geçirilmegi, ginekologiki operasiýalar;

↪ Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller;

↪ Gipofiziň, galkan şekilli mäziň keselleriniň bolmagy.

Şonuň ýaly-da, artykmaç beden agramynyň, nädogry iýmitlenmäniň, gormon serişdeleriniň nädogry kabul edilmeginiň, agyr fiziki işjeňligiň, dowamly stresli ýagdaýlaryň, nesilyzarlaýjylyk faktorynyň hem kistalaryň döremegine itergi berip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.