GORMONAL DERMANLARDAN SEMREMEZ ÝALY NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamynyň endokrin ulgamynyň çylşyrymlylygyna laýyklykda, geçirilýän gormonal bejergi hem bedeniň aýratynlyklaryna we bozulmalaryna görä anyk görkezmeler bolan ýagdaýynda bellenilmelidir. Öz täsir ediş mehanizmine laýyklykda, bir gormonlar bedeniň myşsa agramyny (meselem, androgenler) ulanylyp bedeni daýawlaşdyrsalar, köp gormonlar bedeniň alyş-çalyş ýagdaýyny ýokarlandyrýar, üçünjileri bolsa bedende suwuklygy saklap bedeniň agramyny ýokarlandyryp bilerler. Täze himiki tehnologiýalar bilen öndürilen gormonlarda şunuň ýaly gaýraüzülmeler ujypsyzdyr. Gormon serişdesi bilen bejergi tapgyryny ujypsyz, az mukdarda başlamak, görkezme boýunça belli bir wagt aralygy kabul etmek, kabul edýän iýmitiňiziň ýokumlylygyny wagtlaýyn peseldip we belli bir fiziki işjeňligi saklap beden agramynyň artmagynyň öňüni alyp bolar. Sizi haýsy gormonal serişdesiniň gyzyklandyrýandygyny äşgär eden bolsaňyz, bizde ol barada has anyk we doly maglumat berer ýaly mümkinçilik dörärdi.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.