AÝBAŞY DÖWRÜNDE ÝITI AGYRYLARYŇ SEBÄBI NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň gyz doganyňyz aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan alamatlardan ejir çekýär. Ol ýagdaýy  edebiýatda "aýbaşynyň öň ýanyndaky sindrom" diýip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý merkezi nerw we endokrin ulgamyň bozulmalary netijesinde ýüze çykyp, ginekolog we endokrinolog, käwagtlar newropatolog lukmanyň maslahatyny talap edýändir.

Aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan ýaramaz alamatlaryň sebäbi we bejergi çäreleri bilen tanyşmak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýbaşyň öň ýanynda ýüze çykýan kynçylyklar (predmenstrual sindromy)" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.