AÝBAŞYNYŇ AÝDA IKI GEZEK GELMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.63 (19 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýbaşynyň aýda iki gezek (ýagny kadasyz) gelmegi ýumurtgalyklaryň işiniň bozulmasyndan habar berýändir. Endokrin ulgamynyň näsazlyklary (şol sanda galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary), ýumurtgalyklaryň we ýatgynyň sowuklama ýagdaýlary, ýumurtgalyklaryň kistasy, endometrioz ýaly keseller aýbaşy bozulmalarynyň sebäbi bolup biler. Dowamly stress ýagdaýlary, klimatyň üýtgedilmegi (bir klimat guşaklygyndan başga guşaklyga ýaşamaga gelme), käbir derman serişdelerini nädogry ulanmak (meselem, oral kontraseptiwleri nädogry ulanmak) hem aýbaşynyň kadasyz gelmegine getirip biler. Degişli barlagdan soň, dörän ýagdaýyň sebäbini anyklamak üçin ginekolog lukmana ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.