MEN NÄME ÜÇIN SEMREÝÄKÄM?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.85 (20 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaga dogrumyndan soň, endokrin ulgamda başga bozulmalaryň bolmazdan, beden agramynyň köpelmegi, Sizde dogrumdan soň döreýän neýro-endokrin sindromynyň ýüze çykandygyny güman etmäge esas döredýär. Bu bozulmalar, göwrelilikde we dogrumda döreýän dürli gaýraüzülmeler (gestozlar, çaganyň düşme howpy, gan akmalar) netijesinde ýokary nerw ulgamynyň (gipofiz we gipotalamus) öňki kadaly ýagdaýyna gelip bilmezligi sebäpli ýüze çykýar.

Dogrumdan soňky ýüze çykan neýro-endokrin bozulmalaryň bejergisi çylşyrymly we köp wagty talap ediji bolup, ol degişli fiziki işjeňligi üpjün etme, berhiz tutma, nerw ulgamyň işini kadalaşdyrýan (difenin, hlorakon, nootropil, käwagtlarda parlodel) serişdeleri ulanma, görkezme boýunça aýal jyns gormonlaryny ulanma ýaly çäreleri öz içine alýandyr.

Sizde başga endokrin keselleri anyklanylmadymy? Siziň göwrelilik döwrüňiz kadaly geçdimi? Aýbaşyňyzyň gelmegi kadalymy? Şu soraglara jogap berme hem-de gandaky gormonlaryň derejesini anyklamak, endokrinolog lukmanyň maslahaty degişli kesel kesgidini goýmaga kömek edip bilerdi.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.