AÝBAŞY BOZULMASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän ýagdaýyňyzda, ganyň jyns gormonlaryna barlagynyň, ýatgynyň arassalanmagy netijesinde alnan gyryndynyň morfologiki barlagynyň netijeleri bilen tanyşmak, gormonal bozulmanyň görnüşini kesgitlemäge kömek ederdi. Ondan başga-da, size berlen bejergileri hem doly beýan eden bolsaňyz peýdaly bolardy. Şunuň ýaly ýagdaýlarda endokrinolog lukmanyň maslahatyny alma zerurlygy hem ýüze çykýandyr. Gormonal bozulmanyň görnüşi kesgitlenensoň, bellenilen tertipde aýal jyns gormonlaryny kabul edip, aýal lukmanynyň gözegçiliginde saklanmak zerur bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.