DOGRUM ŞIKESLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrumda jyns agzalarynda şikeslenme geçiren aýallara 7-10 gün oturmak rugsat edilmeýär. Jyns agzalaryň 3 derejeli şikeslenmelerinde 5-7 gün täret etmelerden hem saklanmak üçin aýala ýörite berhiz tutma maslahat berlip, ýörite iç sürüjileriň kömegi bilen ýeňil täret etme gazanylýar.

Şeýle dogrumdan söň birinji jynsy gatnaşyga emaý bilen çemeleşip, mümkin bolandan gatnaşygy 5-6 hepdeden soň başlama maslahat berlip biler. Şu möhlet dogrum ýollaryň kadaly ýagdaýyna eýe bolmagy üçin ýeterlik bolup durýandyr. Indiki dogrumy 1,5-2 ýyldan meýilleşdirme, aýal bedeni üçin oňaýly bolar. Çünki dine bir dogrum ýollaryň däl-de, bütün bedeniň dikeldilmegi üçin belli bir wagt möhüm bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.