AGYRYLY AÝBAŞYNYŇ DÝUFASTON BILEN BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Agyryly aýbaşynyň bejerilmegi üçin Size lukman doly bejergini beripdir. Lukmanyň gözegçiliginde bolup, bu dermanlar 2-3 aýyň dowamynda tapgyrlaýyn kabul edilmelidir. Indometasin bilen no-şpa aýbaşy başlanmazdan 5-6 gün öň kabul edilýar we onuň başlanmagy bilen bes edilýär. Dýufaston serişdesi jyns gormonlarynyň işläp çykma bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edip, ol durmuşa çykmadyk ýaş gyzlara hem görkezme bilen bellenilip bilner. Bu derman 3-5 aýa çenli aýbaşy halkasynyň 15 gününden 25 gün aralygy, 1-2 gerdejikden kabul edilýändir. Görkezme bilen jyns gormonlarynyň utgaşdyrylan görnüşleri hem lukman tarapyndan bellenilip bilner. Lukmanyň gözegçiliginde galmagyňyzyň wajypdygyny ýene bir gezek belläp, agyryly aýbaşyda geçirilmeli çäreler babatda doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan kynçylyklar (predmenstrual sindromy)" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.