DOGRUMDAN SÖŇ AÝBAŞYNYŇ GELMEZLIGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Eger Siziň gelniňiz çagany ene süýdi bilen emdirýän bolsa, dogrumdan soňky döwürde kadaly aýbaşy bolman biler. Bu ýagdaý göwüsden emdirilýän döwründe ýumurtgalyklaryň işiniň üýtgäp, jyns gormonlaryny az mukdarda bölüp çykarýandygy bilen düşündirilýär. Ýöne aýbaşy bolmasa hem göwreliligiň galma mümkünçiliginiň bardygyny göz öňüne tutup, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanma ýerlikli bolar.

Jyns agzalarynyň gijemesiniň onuň dürli ýokançlyklaryň täsiri bilen döreýän sowuklama hadysalarynyň alamaty görnüşinde ýüze çykýandygyny göz öňüne tutup, lukmanyň barlagyny geçip (jynshanadan çyrşak almak) bejergi almagyň zerurlygyny belläsim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.