ÝATGY BOÝUNJYGYNYŇ ÝARASY SEBÄPMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.29 (17 Ses)

Hormatly Ogulbaýram!

Dogrudan hem, ýatgynyň boýunjygynyň ýarasy (eroziýasy) çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmez. Ýöne özwagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, ol ýaranyň ýatgynyň boýunjygynyň howply kesellerine (rak keseline) öwrülme ähtimallygy uludyr. Edil şol sebäpden hem, göwreliligi meýilleşdirmezden öň, lukmanyň barlagyny geçip (sitologiki barlag, jynshana neminiň çyrşagynyň laborator barlagy), degişli bejergini almak ýerlikli bolardy.

Çaga galmazlygynyň sebäbini anyklamak üçin bolsa goşmaça barlaglary (ganyň ýokançlyklara barlagy, jyns agzalarynyň USB-gy, ýatgy turbajyklarynyň geçirijiligini barlamak, ýumurtgalaryň gormonal işjeňligini anyklamak, galkan şekilli mäziň işini anyklamak) geçirmek gerek bolar. Bu maksat üçin Size gözegçilik edýän ginekolog lukmanyňyza ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.