GÖWRELILIK DÖWRÜNDE BURNUŇ DYKYLMAGY HOWPLUMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.09 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe gan aýlanşygynyň we ganyň mukdarynyň ýokarlanmagy sebäpli, burnuň gan damarlary dolup, burnuň dykylmagynyň sebäbi bolup bilerler. Onuň çaganyň ýagdaýyna hiç hili ýaramaz täsiri ýokdur.

Şeýle-de, göwrelilik döwründe allergiki täsirliligiň döremegi sebäpli burnuň dykylmagy, ýokançlyklaryň we wiruslaryň täsiri bilen burnuň nemli gatlagynyň sowuklamagy (ýiti rinit), çişmegi, nemiň akmagy duş gelip biler.

Ýokançlyklaryň täsiri bilen ýiti rinitiň döremegi bolsa çaga üçin ýokançlyklaryň çeşmesi bolup, çaganyň, onuň ýansuwlarynyň, çörekçäniň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Burnuň dykylmagynyň anyk sebäbini anyklamak üçin otorinolaringolog (LOR) lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.