GÖWREDE ÇAGA GALYP BILERMI?
Hormatly okyjy!
Aýalyň jyns agzalarynyň çygjarmagy onuň jynsy höwesine, bedeniň duýgur nokatlarynyň gyjyndyrylmagyna baglydyr. Jyns agzalarynyň guraklygy bilen önelgesizligiň baglanşygy ýokdur. Lukmanlaryň bellemegine görä, toýdan soňky kadaly är-aýal gatnaşyklaryna garamazdan, bir ýylyň dowamynda çaga galmasa, önelgesizlik ýagdaýynyň bardygyndan habar berýändir.
Är-aýal gatnaşyklatynyň üsti bilen biri-biriňizi öwrenmegiňizi maslahat berýäris we çaga galmazlyk meselesinde sabyrly bolmagy ündeýäris.Wagtyň geçmegi bilen bu meselede kynçylyk ýüze çyksa, aýalyňyzyň ginekolog lukmanyna barlag üçin ýüz tutmagyny maslahat berýäris.
Saýtyň lukmany.
- 15339 gezek okalan