EKIZ ÇAGA DOGURMAGYŇ USULY BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (66 Ses)

Hormatly Okyjy!

Ekizleriň bolmagy nesil yzarlaýjylyk häsiýete eýe bolup, ene tarapdan öň ekiz çagalaryň dogulmagy bu töwekgelçiligi has hem artdyrýar. Ekiz çagalaryň dogulmagy öň seýrek duş gelen bolsa-da (her 80 dogruma 1 ekiz çaga), häzirki wagtda ýumurtgalyklaryň işini tijendirýän gormonal dermanlaryň köp ulanylmagy ekiz çaga dogrumlaryň sanyny artdyrdy.

Enäniň ýaşynyň uly bolmagy (35-40 ýaş), uzak saklanmalardan soň jynsy gatnaşyk geçirmek, käbir önümleriň köp ulanylmagynyň (hoz, balyk, bedene ýumurtgasy) hem ekizleriň dogulmagyna ýardam berýänligi barada maglumatlar bar.

Bejergi ýa-da göwreliligiň öňüni almak maksady bilen gormon serişdeleri kabul edilenden soň, ekizleriň we üçem çagalaryň dogulma töwekgelçiligi ýokarlanýandyr. Ýöne tebigatyň beren "goşa" begenjinden tapawutlylykda, emeli usul bilen ekizleri "tohumlandyrmalaryň" käwagtlar şowsuzlyga we gaýraüzülmelere getirýändigini bellemelidiris. Bu ugurda lukman tarapyndan doly gözegçilik örän wajypdyr.

Hormat bilen saýtyň lukmany.