3 AÝLYK GÖWRELI ÜÇIN WAGINAL BARLAGYŇ ZYÝANY BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaganyň düşme howpunyň alamatlarynyň ýüze çykmagy (agyrylar, jynshanadan gan gelmeler) gaýragoýulmasyz kömegi talap edýändir. Waginal barlagyny geçirmek bilen, lukmanlar ýatgynyň boýunjygynyň näderejede açyklygyny anyklap, haýsy bejeriş çäresiniň saýlap alynmalydygyny çözýärler.

Barlagyň göwredäki çaga üçin hiç hili zyýany ýok. Lukmana ýüz tutup, wagtynda bejergi almagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.