ÇAGA GALMAZLYGYNA WARIKOSELIÑ TÄSIRI BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Tohum ýolunyň wenalarynyň giňelmegi ýumurtgajyklarda we ýumurtga haltajygynda döreýän agyrlyk we agyry bilen ýüze çykyp, önelgesizligiň sebäbi bolup biler. Bu ýagdaýda ýumurtga haltajygynda döreýän ýokary temperatura netijesinde erkeklik jyns öýjükleriniň kadaly emele gelşi bozulyp, önelgesizligiň döremegine sebäp bolup biler.

Degişli bejergini geçirip, warikosele ýagdaýynyň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak üçin urolog lukmanlara ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.