GÖWREDE ÇAGANYŇ GALANDYGYNY NÄDIP BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (116 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýalyň nobatdaky aýbaşynyň gelmezligi (eger aýbaşy kadaly bolsa), tagam biliş we ys alyş häsiýetleriniň üýtgemegi, ýürek bulanma, göwüs emzikleriniň agyrmagy göwreliligi çak etmäge esas döredip biler. Zenan lukmanyň iki el usuly bilen ýatgyny barlamagy, aýalyň peşewini  test-zolajyklary bilen barlamak hem göwreliligi ýüze çykarmaga kömek edip biler.

Göwrelilik, onuň möhleti, çaga düwünçeginiň ösüşi baradaky has doly maglumaty ultrases barlagy geçirmek arkaly bilip bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.