ÇAGANY GUNDAMA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Biz Sizi gyzyňyzyň dünýä inip, kaka bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we bu işde size sabyrlylyk, saglyk arzuw edýäris. Indi siziň soragyňyzyň üstünde durup geçeliň.

Täze bolan çagany gundamagyň ýa-da geýindirmegiň howpsuzlygy babatdaky jedeller häzire çenli dowam edip, bu meselede her ene-atanyň öz pikiri bolup biler. Biziň ene-atalarymyz gundalan çaganyň öz elleriniň hereketine bimaza bolmaýandygyny hem-de aýaklarynyň göni ösýändigini göz öňüne tutup çagany gundan bolsalar, bu meselede lukmanlaryň öz garaýşy bardyr.

Çaga lukmanlarynyň bellemegine görä, çagany gundama dogrudan hem onuň öz elleriniň hereketine oýanman, arkaýyn ýatmagyny üpjün edip biler. Ondan başga-da, gundama her enäni onuň dürli görnüşleriniň (çekip ýa-da arkaýyn gundama görnüşleri) barlygyndan habarly etmäge mümkinçilik berýär.

Gundamanyň zyýanly taraplarynyň barlygyny hem lukmanlar nygtaýarlar:

♦ Çekip gundama çanaklyk-but bognunyň çykuwynyň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

♦ Çaganyň öz elleri bilen tanşyp, olara erk edip bilmek mümkinçiliginden mahrum edilmegi, onuň ösüşinde bökdençlige getirip biler.

♦ Çaga eşik geýmäge uýgunlaşmaýar.

♦ Körpejäniň hereketleri kynlaşan bolup, ol oňaýsyz ýagdaýda ýatýar.

Eger körpeje gyzyňyzy gundagly ýatma biynjalyk edýän bolsa,onda onuň rahatlygy üçin eşik geýdirip, diňe gijelerine çekmän gundap bilersiňiz. Haýsy ýagdaýyň ýaramlydygyny çaganyň özi öz hereketi bilen duýdurmaga ukyplydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.