GÖWRELILIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Hormatly  okyjy!

Göwreliligiň  9-njy  aýy  öz içine  33-36 akuşer  hepdeleri alyp ,  34-35 hepdä çenli  gasykda hem-de bilde ýüze  çykýan agyrylar wagtyndan  öň dogma howpunyň alamatlary bolup bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda lukmanyň gözegçiliginden soň, degişli serişdeleri ulanmak dogry bolar. 9-njy aýyň soňunda döreýän gasykdaky agyrylar çaga dogrumyna taýynlaýjy burgular bolup, olar kem-kemden kadaly dogrum güýçlerine geçip biler. Çaga olar hiç hili zyýan ýetirip bilmeýär. Ýöne agyrylaryň güýjemegi, çaganyň ýan suwlarynyň wagtyndan öň gelmegi, jynshanadan ganly , iriňli bölünip çykmalar lukmana gyssagly ýagdaýda ýüz tutmak üçin görkezme bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.