OGUL DOGURMAK ÜÇIN, NÄHILI HASAPLAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (304 Ses)

 

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Doguljak çaganyň jynsynyň erkek adamyň kesgitleýändigi bellidir. Diňe erkek Y hromosomasyny göteriji bolup, aýal X hromosomasy bilen erkek X hromosomy birleşende-gyz, erkek Y hromosomasy  bilen birleşende bolsa, oglan doglup bilýändir. Ogul dogurmak üçin (gyz hem) her dürli hasaplamalar  işlenip düzülip, her dürli maslahatlar berilýän bolsa-da, bu tassyklamalar ylmy tarapdan öz düşündirişini tapan däldir.

Käbir barlagçylar jynsy gatnaşygy aýal öýjükleri emele gelýän (owulýasiýa döwri) döwründe geçirmek oglanjygyň dogulmagyna mümkinçilik berýär diýip hasaplaýarlar.

Ganyň täzelenmegi esasynda hem hasaplamany geçirýärler. Bu hasaplamalar aýalyň ganynyň her 3 ýyldan, erkegiň ganynyň bolsa her 4 ýyldan täzelenýändigi baradaky düşünjä esaslanandyr. Aýalyň hem erkegiň doglan senesine (güni, aýy, ýyly) çaga meýilleşdirilýän gününe çenli 3 hem-de 4 ýyldan  goşup hasaplaýarlar. Kimiň gany meýilleşdirilýän wagtda täzeräk bolsa, şol jynsyň hem dogma ähtimallygy ýokarydyr.

Çaganyň jynsy saýlananda gadymy hytaý tablisasyndan hem peýdalanýarlar. Tablisanyň çep tarapyndan öz ýaşyňyzy, sagyndan çagany meýilleşdirýän aýyňyzy tapyp, olaryň kesişýän öýjügine seredýärsiňiz.

Çaganyň jynsy saýlananda gadymy ýapon tablisasyndan hem peýdalanýarlar.

Oglan çaga  isleýän aýallar öz iýmitinde hem belli düzgünleri berjaý edip, hamyrmaýaly önümleri, ýer almasyny, ir-iýmişlerden banany hem-de çereşnýany, eti, balygy, guradylan erigi we garalyny köp iýmekligi, mineral suwy, ir-iýmiş şirelerini, çakyry (1-2 bulgur gyzyl çakyr) içmek maslahat berilýär. Bu önümlere gerekli çagany "ýasamadan" 3-4 hepde öň ýykgyn edip başlamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.