OPERATIW DOGRUMDAN SOŇKY DÖWÜR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Hormatly Guwanç!

Kesarewo kesimi bilen geçen dogrumdan soň, operasiýadan soňky tygyň arassaçylygyna we bitişine ünsli çemeleşmek zerurdyr. Onuň üçin ýaradan bölünip çykmalara, onuň ýagdaýyna üns berip, görkezme boýunça tyg düşen ýeri ýaşyl jöwheriň spirtli ergini, lewomekol, iruksol melhemleri bilen işlemek peýdaly bolup biler. Işlenmeden soň, tyg ýeri aseptiki (zyýansyzlandyrylan) daňy bilen örtülip, berkidilmelidir.

Şonuň ýaly-da, lukman tarapyndan ýatgynyň kiçelme ýagdaýyna, jynshanadan bölünip çykmalaryň häsiýetine, bedeniň gyzgyny we gan basyşynyň derejesine gözegçilik geçirilmelidir.

Operatiw dogrumy geçiren enä özwagtynda we ýokumly iýmitlenmäni üpjün etme, fiziki işlerden 6-7 aýyň dowamynda çetleşdirme, dynç almak üçin şertleri döretme zerurdyr.

Jynsy gatnaşyklary (enäniň ýagdaýyna görä), dogrumdan soňky 6-njy hepdeden ir bolmadyk möhletde başlamaklyga rugsat berilýär. Şeýle-de, operatiw dogrumdan soň, indiki göwreliligi 2-2,5 ýyldan meýilleşdirmek maslahat berilýändir. Bu möhlet ýatgynyň tyg ýeriniň gowy bitişmegi üçin ýeterlik bolup, ginekolog lukmanlaryň köpüsi bu möhleti uzaklaşdyrmazlygy hem ündeýärler, çünki köp wagtyň geçmegi bilen ýatgynyň myşsa süýümleriniň çekimlilik häsiýeti peselip biler. Göwreliligiň öňüni almak üçin amatly usullary saýlap almak maksady bilen ginekolog lukmanynyň maslahatyny almak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.